Atavatan Turkmenistan

Atavatan Turkmenistan Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd Şti
(13)

Türkiýäniň Aşgabada täze bellenen ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdyTürkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Mere...
08/01/2024

Türkiýäniň Aşgabada täze bellenen ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministr R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň, şeýle hem BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanmalary beýan edildi.

Iň ýokary we ýokary derejelerde saparlary we gepleşikleri guramagy dowam etdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Duşuşykda Ilçi Ahmet Demirok Türkmenistanyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

2024-nji ýylda görkeziljek täze hindi filmleri2023-nji ýylda Bolliwud täzeden täze filmleri bilen, hususan-da Bolliwudyň...
08/01/2024

2024-nji ýylda görkeziljek täze hindi filmleri

2023-nji ýylda Bolliwud täzeden täze filmleri bilen, hususan-da Bolliwudyň ýyldyzy Şahruh Hanyň 3 sany filmi bilen kino muşdaklaryny begendirdi. Umuman, 2023-ji ýyl Bolliwud hem-de Şahruh Han üçin netijeli ýyllaryň biri boldy.

2024-nji ýylda hem Bolliwudyň meşhur aktýordyr aktrisalary täze filmleri bilen kino muşdaklaryny begendirmegi göz öňünde tutýar. Ritik Roşan, Aliýa Bhat, Akşaý Kumar, Ajaý Dewgan ýaly ençeme ýyldyzlaryň täze filmleri kinoteatrlarda görkeziler.

2024-nji ýylda görkeziljek täze hindi filmleriň sanawy şeýle:

“Göreşiji” (“Fighter”): 2024-nji ýylyň ilkinji uly kinosy bolar. Bu filmde Ritik Roşan, Dipika Padukona we Anil Kapur oýnaýar. Siddhart Anandyň režissýorlygynda surata düşürilen bu filmde harby-howa güýçleriniň uçarmanlarynyň taryhy hem-de olaryň gahrymançylykly durmuşa giňden beýan edilýär. Bu film 25-nji ýanwarda kinoteatrlarda görkezilip başlanýar. 

2. “Suraraý Pottru” täzeden surata düşürilen film:  Bolliwudyň ýyldyzlaryndan Akşaý Kumar baş keşbi janlandyrýar. Bu film tamil dilinde surata düşürildi we kinoda tamilli aktor Suriýa hem surata düşdi. Filmde “Air Dekkan” hindi býujetli awiakompaniýany esaslandyryjy kapitan G.R. Gopithanyň durmuşy esasynda gyzykly wakalar kino muşdaklaryna hödürlener. Film hindi kinoteatrlarynda 16-njy fewralda görkeziler.

3. «Bade Miýan Çote Miýan»: Hereketli filmleri gowy görýän kino muşdaklary üçin ýene-de bir filmleriň biri garaşýar. Bu filmde Akşaý Kumar bilen meşhur hindi aktory Jeki Şroffyň ogly Taýger Şroff surata düşdi. Bu film 2024-nji ýylyň Oraza baýramynda görkeziler.

4. «Auron Meýn Khan Dum Tha»: Bolliwudyň superýyldyzy Adjaý Dewgan “Bhola” atly filminden soňra täzeden surata düşdi. Niraj Pandiniň režissýorlygynda surata düşürilen filmde Tabu, Jimmi Şergil, Majrekar we Şantanu Maheşwari keşpleri janlandyrýar. Film 26-njy aprelde porkata çykar. 

5. «Köçe 2» (Street 2): 2018-nji ýylda ilkinjisi prokata çykan hem komediýa hem-de gorkuly filmleriň sazlaşygyny emele getiren “Koçe” filminiň 2-nji surata düşürildi. Filmiň 2-nji böleginde Şraddha Kapur, Rajkumar Rao, Aparşakti Hurana, Abhişek Banerji we Pankaj Tripat

Ronaldonyň tälimçisi “Beşiktaş” toparyna tälim bererKristiano Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy wagty tälim beren F...
08/01/2024

Ronaldonyň tälimçisi “Beşiktaş” toparyna tälim berer

Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy wagty tälim beren Fernando Santos mundan beýläk Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň tälimçisi boldy. Bu barada türk toparynyň resmi saýtynda habar berildi.

“Benfika” toparynda futbol oýnandan soňra tälimçilik işine başlan Fernando Santos Portugaliýanyň iň güýçli 3 topary “Porto”, “Benfika” we “Sporting” toparlaryna tälim berdi.

Şeýle hem Gresiýanyň “AEK”, “PAOK” hem-de “Panatinaikos” toparlarynyň tälimçiligini eden Santos bu ýurtda 4 gezek ýylyň tälimçisi diýen derejä mynasyp boldy.

Fernando Santos Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen 2016-njy ýylda Ýewropanyň çempiony boldy hem-de 2019-njy ýylda Milletler kubogynyň çempiony boldy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň iň uly üstünliklerine uly goşant goşan Santos soňky gezek Polşanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi.

Saud Arabystany haj parzy üçin Gyrgyzystana 6060 orun berdiSaud Arabystany Patyşalygy 2024-nji ýylda haj parzy üçin Gyrg...
08/01/2024

Saud Arabystany haj parzy üçin Gyrgyzystana 6060 orun berdi

Saud Arabystany Patyşalygy 2024-nji ýylda haj parzy üçin Gyrgyzystana 6060 orun berdi. Bu barada Gyrgyzystanyň dini müdirligi habar berdi.

Golaýda Gyrgyzystanyň müftisi Zamir Rakiýew Saud Arabystanyda saparda bolup, haj ministriniň orunbasary Abdel Fattah bin Suleýman bilen duşuşdy.

Saud tarapy 2023-nji ýyl haj ybadatynyň guramaçylygyny ýokary derejede gurnandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

– Biz üstümizdäki ýylyň haj guramaçylygy barada pikir alyşdyk. Goşmaça orunlar berilmegini talap etdik. Bu meseleler degişli ministrligiň topary tarapyndan maslahatlaşylýandygy üçin resmi hatymyzy gowşurdyk. Häzirki wagtda hajylar üçin iýmit, ýaşaýyş jaý we logistika hyzmatlary boýunça guramaçylyk meseleleri boýunça işler alnyp barylýar – diýip, Gyrgyzystanyň müftüsi habar berdi.

“Dragon Oil” Çelekeniň ýanyndaky 3 ýatagy özleşdirmäge girişerDubaýyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Hökü...
08/01/2024

“Dragon Oil” Çelekeniň ýanyndaky 3 ýatagy özleşdirmäge girişer






Dubaýyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, kompaniýa Çelekeniň golaýyndaky üç geljegi uly ýatagy özleşdirip başlar. Mundan ozal kompaniýanyň hünärmenleri bu sebitlerde umumy bahasy 35 million dollara durýan seýsmiki barlaglary geçirdiler. Olaryň netijesinde 19-njy uglewodorod blogy has uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada “Zawya” neşiri habar berýär.

“Kompaniýa ýakyn wagtda önümçiligi artdyrmak maksady bilen üç nebit ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Türkmenistan möhüm ähmiýetli nebit ýurdy hökmünde ägirt uly nebit we gaz mümkinçiliklere eýedir. Biziň Türkmenistanda iş alyp barmagymyz iki tarap üçin hem özara bähbitlidir. Ol bir tarapdan, döwletiň girdejililerini artdyryp, täze iş ýerlerini döredýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda 2 müňden gowrak işgäri bar. Biz maýa goýumlary giňeltmek arkaly bu ýerdäki ornumyzy has-da pugtalandyrmaga çalyşýarys” diýip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer belledi.

Kompaniýa Türkmenistanda 24 ýyldan bäri iş alyp barýar. Şu döwürde, kompaniýa ýurduň çäginde hususanda, günbatar sebitde nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi.

“Talhan” Dubaýdaky restoranynda türkmen tagamlaryny dünýä tanadýarPaýtagtymyz Aşgabatdaky meşhur “Talhan” restorany Duba...
08/01/2024

“Talhan” Dubaýdaky restoranynda türkmen tagamlaryny dünýä tanadýar



Paýtagtymyz Aşgabatdaky meşhur “Talhan” restorany Dubaýdaky restorany bilen türkmen tagamlaryny dünýä tandaýar. Bilşiňiz ýaly, Dubaý şäheri dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Bu şäherde, arap ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, iri “EKSPO” sergisi guraldy.

Şol bütindünýä sergisi üçin ” Expo City Dubai” şäherçesi döredildi. Serginiň tamamlanmagy bilen ozalky sergilerden tapawutlylykda, “Expo City Dubai” şäherçesi öz işini dowam edýär. Bu şäherçedäki Türkmenistan döwletimiziň meýdançasynda “Talhan” restorany öz işini alyp barýar.

“Expo City Dubai” şäherçesiniň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, “Talhan” restorany diňe bir türkmen tagamlaryny däl, eýsem halkara tagamlarynyň sazlaşygyny hem emele getirip, özüniň myhmanlaryna tagamlaryň köpdürlüligini bilen syýahat etmek mümkinçiligini döredýär.

Restoran ir sagat 09:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Bu ýerde türkmen tagamlaryny datmak mümkinçiligi döredildi. Amatly bahalardan palow, unaş, gutap, gowurdak, somsa, manty ýaly türkmen aşhanasynyň naýbaşy tagamlary myhmanlara hödürlenýär.

Mälim bolşy ýaly, “Talhan” restorany paýtagtymyz Aşgabatda bolup, şeýle hem “Talhan” markaly çörek we çörek önümleri hem uly islegden peýdalanýar.

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutladyOnuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar BER...
08/01/2024

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Goý, bu baýramçylyk günleri bizi ynam, umyt we söýgi bilen birleşdirsin!

Size parahatçylyk arzuw edýärin.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden
maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize, Hökümetiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy, ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.

Hormatly jenap Prezident, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň umyt-arzuwlaryny hasyl etmek üçin 2024-nji ýylda-da gülläp ösmegini dowam etdirjekdigine we täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.

Size ähli gowulyklary, abadançylyk, Siziň halkyňyza bolsa üstünliklerden we bagtyýarlykdan doly täze ýyly arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Bagtly Täze ýyl baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Katerina SAKELLAROPULU,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza mähirli salamymy ýollaýaryn. Goý, baýramçylyk günleri biziň ýüreklerimizdir öýlerimize nur saçsyn, parahatçylyk, düşünişmek, şeýle hem bagtyýar geljege umyt getirsin!

Size, Siziň ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň raýatlaryna şatlykly baýramçylygy arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Maýýa SANDU,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

Stambul şâheriniñ tâze ÿolbaşçysy kim bolar?Prezident Ardogan, Ak Partynyñ Stambul şâheri boÿunça kandidaty hökmunde öñk...
07/01/2024

Stambul şâheriniñ tâze ÿolbaşçysy kim bolar?
Prezident Ardogan, Ak Partynyñ Stambul şâheri boÿunça kandidaty hökmunde öñki ministr, hâzirki deputat Murat Kurumy görkezÿandiklerini yglan etdi.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenler taýýarlanarTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we k...
07/01/2024

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenler taýýarlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek döwrüň talabydygyny belledi hem-de maglumat tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda Agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Arda Güler ilkinji oÿnuna çykdy: Real Madrid CF : Arandina 0:0Oynyñ ilkinji yarysy tamamlandy
06/01/2024

Arda Güler ilkinji oÿnuna çykdy: Real Madrid CF : Arandina 0:0
Oynyñ ilkinji yarysy tamamlandy

Elman Tagaýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsümini...
06/01/2024

Elman Tagaýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde “Ahal” toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew (“Arkadag”) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy.

 Çempionatyň dowamynda “Adalatly oýun görkezen topar” ugrundaky baýraga “Altyn Asyr” topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Rasul Çaryýew (“Arkadag”) – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de “Arkadag”), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de “Ahal”) – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi  “Arkadag”), Elman Tagaýew (“Ahal”) – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew (“Arkadag”), Wahyt Orazsähedow (“Altyn Asyr”) –  hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Rahat Japarow ( “Ahal”) – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de “Arkadag”), Ata Geldiýew (“Ahal”), Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”) – goragçylar; Şanazar Tirkişow (“Arkadag”), Magtymberdi Berenow (“Nebitçi”), Yhlas Magtymow (“Şagadam”), Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”) – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat”) – hüjümçiler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy.

Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk orta mekdep gurlarAhal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 oru...
06/01/2024

Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk orta mekdep gurlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap, umumybilim berýän orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylym-bilim pudagynyň binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap, umumybilim berýän orta mekdebini we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi barada tabşyryklar berdi.

Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçirilerŞu ýylyň oktýabr aýynda Türkme...
06/01/2024

Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammiti geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem maý aýynda medeniýet ministrleriň halkara maslahaty geçiriler.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigini belläp, Magtymguly Pyragynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maý aýynda medeniýet ministrleriň derejesinde halkara maslahaty geçirmek hem-de oktýabr aýynda bolsa, Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde sammiti geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady we wise-premýere iri halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Bu fotoda nâme göryarsiñiz, ikinji suratda has ÿakyndan bar!Bu fotony bolsa  San Diegoda düşurdiAslynda Yakymly Yatlamal...
06/01/2024

Bu fotoda nâme göryarsiñiz, ikinji suratda has ÿakyndan bar!

Bu fotony bolsa San Diegoda düşurdi

Aslynda Yakymly Yatlamalar sahypamyz kâbirlerine birinji suratdaky yaly ğörunyar emma ikinji surat yaly gymmadyny aydyñ göryanler hem bar!

Ýakymly Ýatlamalar : Gadry kän bilinmeýän gymmatly işler

Bilýärsiňiz başardygymdan intellektual işlere wagt aýyrjak bolýan, olara bolan gyzyklandyrmany artdyrjak bolýaryn! Bu barada birnäçe işlerimiz bar, emma bugün birine üns çekesimiz gelýär. Ýazyjy Akgül Saparowa bir gezek bir ýazyjy ýogalanda ol barada ýatlama ýazyp ugradypdy. Ol makalany okap, ine meniň "gözleýän awtorym" diýipdim.  Aslynda makalany başgasy ugradypdy, men ondan nomerini alyp gelneje bilen tanyşdym. "Ýakymly Ýatlamalar" sahypamyz ol maslahatymyzdan soňra döredi.  Men ýazyjy şahyr, žurnalist bolmasam hem birnäçe Ýaşuly ýazyjy-şahyr bilen duşuşmak miýesser etdi. Hudayberdi Diwangulyýew aga bilen Kipre, Oraz Ýagmyr Aga bilen Kipre we Türkiýä, Atamyrat Atabaýew aga bilen Türkiýä maslahatlara bile gitmek hem nesip edipdi. Esasan hem Atavatan Türkmenistan halkara žurnalymyzda Hudaýberdi aganyň köp maslahatyny aldym.  Diýjek bolýanym olar durşuna hazyna, we gynansakda 3si hem dünýäsin täzeledi. 

Olardan ýazgy edip almaly, öwrenmeli köp zat bardy. Häzirki döwürde hem köp Ýaşuly bar. Ine Akgül gelneje bilen taslamamyzda olar barada, olaryň özleri bilen Ýakymly Ýatlamalary SIze ýetirýäris. DIňe bir Size däl, geljekki nesillere. 

Populýar habarlar üstünden 2-3 gün geçmänkä  unudylar gider, emma bu makalalar 1950-nji ýyllardan häzirki döwre çenli ebebiýaty, sungaty öwrenijiler üçin çeşme bolup hyzmat eder. Ine Ata Watan media toparynyň esasy hyzmaty hem bu bolar!  Bu baradaky makalalarymyz az okalýar diýip kätesine azajyk bolsa hem gynanjak bolýan emma biz diňe bugüne däl, ertäki güne hem ýazgylary goýmak üçin Media toparymyzy esaslandyrdyk ahyryn diýip köşeşýän.  Ýerbendi aganyň hekaýalary we Hojagylyç mugallymyň teswirleri hem örän gymmatly.  Bäşim aganyň taryhy setirleriniň gymmadyny bilýän bilýär!

Belarus Türkmenistanyň raýatlaryna okuw wizalary bermegiň tertibine üýtgeşme girizdiBelarusyň Türkmenistandaky ilçihanas...
06/01/2024

Belarus Türkmenistanyň raýatlaryna okuw wizalary bermegiň tertibine üýtgeşme girizdi

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi.

Indi Belarusyň uniwersitetlerine okuwa gidýän Türkmenistanyň raýatlary (dalaşgärler) Belarusyň Salgyt kodeksine laýyklykda wiza üçin konsullyk tölegini tölärler.

Şol bir wagtyň özünde, Belarusda eýýäm okaýan türkmenistanly talyplar we Belarus uniwersitetlerine bellenen seneden ozal kabul edilen raýatlar uniwersitetiň statusyny tassyklaýan şahadatnama görkezilenden soň mugt okuw wizalaryny almagy dowam ederler.

«Mugt okuw wizalary daşary ýurt raýatynyň talypdygyny tassyklaýan bilim edarasynyň şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da ýokary okuw mekdebiniň resmi haty (möhleti üç aýdan geçmedik) iberlensoň berilýär» diýlip ilçihananyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal uniwersitetlerde ýokary bilim almak maksady bilen Belarusa girýän Türkmenistanyň ähli raýatlaryndan «okuw» kategoriýasyndaky wiza üçin konsullyk tölegleri alynmaýardy.

Meşhur brazil futbolçy Mario Zagallo aradan çykdyMeşhur brazil futbolçy Mario Zagallo 93 ýaşyň içinde aradan çykdy. Bu b...
06/01/2024

Meşhur brazil futbolçy Mario Zagallo aradan çykdy

Meşhur brazil futbolçy Mario Zagallo 93 ýaşyň içinde aradan çykdy. Bu barada onuň “Instagram” resmi jemgyýetçilik tory hasabynda habar berildi.

– Biziň hemişelik dünýä çempionymyz Mario Žorži Lobo Zagallonyň aradan çykandygyny uly gynanç bilen habar berýäris. Wepaly kaka, söýgüli ata, aladaly gaýynata, wepaly dost, çempion we beýik adam. Bize uly üstünliklerini mirasyny galdyrýan watançydyr – diýlip, beýanatda habar berilýär.

Braziliýaly meşhur futbolçy dürli derejelerde 4 gezek dünýä çempiony bolan ýeke-tek adamldyr. Ol futbolçy hökmünde 1958-nji we 1962-nji ýyllarda, 1970-nji ýylda baş tälimçi we 1994-nji ýylda tälimçiniň kömekçisi hökmünde dünýä çempionlygyny gazanan hünärmendir.

Ahmet Bekmyradow: ömrüne bakylyk bagyşlan alymYazyjy Akgül Saparowanyñ Yakymly Yatlamalaryny saytymyzdan dolylygyna okap...
06/01/2024

Ahmet Bekmyradow: ömrüne bakylyk bagyşlan alym

Yazyjy Akgül Saparowanyñ Yakymly Yatlamalaryny saytymyzdan dolylygyna okap bilersiniz

Bir gün öýde çaý içip otyrdyk. Agam Aşyrberdi Kürt: «Birden men ýurdumy täzeläýsem, arhiwimi şu ikisi öwrensin» diýip, bölek kagyzy uzatdy. Ýüzüne seredip aňalyp durşuma, kagyza elimi ýetirdim. Ol: «Şu mahal ugratjak bolup durma, entek galaba kişiniň ýedi aşyny iýmän gidesim ýok» diýip güldi. Onsoň bir, ynjalyp kagyzdaky ýazgyny okadym. Iki kişiniň ady ýazylgy eken. Biriniň ady Öwez Gündogdyýewdi, beýleki biriniň ady welin,  häzir hiç ýadyma düşenok. Eger ýadyma düşäýende-de, Öwez Gündogdyýew neresse-hä aýatda ýok. Beýleki biri belki, aramyzda ýaşap ýörendir, bilmedim. «Öliň sargydy özi bilen gidermiş» diýleni boldy — diýip, indi şol haty tapamok welin, özümi bergili ýaly duýýan. Onsoň agamyň arhiw ýazgylaryny öwrenip, başardygymdan käbir zatlar hakynda ýazan bolýan.

Şahsy arhiwimdäki agamdan galan albomda ol bir topar ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryna ýazan synlaryny metbugat sahypalaryndan gyrkyp alyp ýelimläp goýupdyr. Şol ýazgylaryň arasynda onuň edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyňam  «Andalyp hem Oguznamaçylyk däbi» atly kitabyna «Ýaş kommunist» gazetiniň 1987-nji ýylyň 23-nji iýul sanynda «Höwri köp bol-a» diýip ýazan syny bar eken. Makalanyň girişi uzagrak bolany üçin, gysgarak göçürip aldym. «…Setirim ýa-da sahypam köp bolsun diýen pikir mende asla ýok. Meniň maksadym — başga.

Ine, sen — türkmen. Öz halkyň aslynyň nirelerden gaýdýandygyny bilýäňmi? Külli türkmenleriň gönezlikbaşysynyň kim ekenligini bilýäňmi? Olaryň gönezligini atan adamyň ady ýaňky sitatada bardyr öýdýäňmi? Bar — Mode. Hytaýyň ýazuwly çeşmelerinde Oguzhanyň ady Mode diýen söz bilen berilýär. Gadymy hytaý dilinde ol — beýik han diýen manyny aňladýar. Eger şu günler her bir öňýeten türkmeniň ýakasyndan tutup: «Oguzhan kim bolupdyr?» diýip sorasaň, emelli-başly jogap berip biläýjegine duşaýmak gaty kyndyr. Aňyrsyny bilmeýän adam ýatasuw ýalydyr.Ýata suwuňam zyýany peýdasyndan köpdür. Diňe aňyrsyny, öz halkynyň geçmişini bilýän, öz halkynyň geçmişine guwanmagy başarýan adam biziň şu günki günümiziň has eşretli bolmagy üçin, ertirki günümiziň has bagtly bol

Türkmenistan arzan benzinli ýurtlaryň hataryndaTürkmenistan ilatyny arzan benzin bilen üpjün edýän ýurtlaryň sanawynda ö...
06/01/2024

Türkmenistan arzan benzinli ýurtlaryň hatarynda

Türkmenistan ilatyny arzan benzin bilen üpjün edýän ýurtlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmenistanda bu ýangyjyň bahasy dünýädäki ortaça bahadan 3 esse arzan. Bu barada “GlobalPetrolPrices” portalynyň 1-nji ýanwardaky maglumatlarynda beýan edilýär.

Tutuş dünýäde benziniň ortaça bahasy 1 litri 1,30 dollara deňdir. Dünýä döwletleriniň arasynda benziniň bahasynda görnetin tapawutlar bar. Neşiriň maglumatyna görä, dürli döwletlerde ýangyjyň bahasynyň aratapawudy salgytlar we ýeňillikler bilen baglanyşyklydyr.

Sanawda benziniň iň arzan bahaly ýurdy hökmünde Eýran görkezilipdir. Bu ýurtda benziniň bahasy $0.029. Şeýle hem sanawda yzygiderlikde Liwiýa, Wenesuela, Alžir, Kuweýt, Angola, Müsür we Türkmenistan barýar. Türkmenistanda benziniň 1 litriniň bahasy $0.428.

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistandaky maýa goýumlaryny artdyrarOzal hem habar berşimiz ýaly,  “Türkmennebit” döwlet ...
06/01/2024

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistandaky maýa goýumlaryny artdyrar







Ozal hem habar berşimiz ýaly,  “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş saparynyň çaklerinde gazanyldy.

Şol gol çekişlik dabarasynyň çäklerinde BAE-niň “Erm economic” ykdysady neşiri “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň baş müdiri Ali Raşid Al Jarwan bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşlikde kompaniýanyň baş müdiri Ali Raşid Al Jarwan kompaniýanyň nebit pudagyndaky maýa goýumlarynyň möçberi 1,5 milliard dollara çenli ýetýändigini belläp, bu taslamalaryň 3 iri döwletde – Türkmenistanda, Yrakda we Müsürde amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, köp sanly taslamalar we başlangyçlar bilen özüniň strategik maksatnamalaryna ygrarly bolan BAE-niň dünýäde energiýa çeşmelerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin özüniň maýa goýumlaryny we däp bolan energetika pudagyndaky işlerini giňeldýär.

Bu fotony  düşürdi. San Diegoda köçede agşam usti gezelenc edip ÿoren 5 Türkmen nâme gordi, Siz nâme gorÿârsiñiz!Günorta...
06/01/2024

Bu fotony düşürdi. San Diegoda köçede agşam usti gezelenc edip ÿoren 5 Türkmen nâme gordi, Siz nâme gorÿârsiñiz!

Günorta Kaliforniyanyñ Santa Barbara, Los Angeles we San Diego şâherlerine eden gezelenjimizi ozunde jemleyân Ata Watan Dunyade gepleşigimiziñ birinji tapgyry Sanra Barbara baradaky gepleşigimiz in gysga wagtda Atavatan Tv You Tube kanalynda. Kanalymyza agza boluñ!

Gepleşigimizi şeyle hem www.atavatantv.com saytynda hem Size yetireris.




Ronaldo Maradonanyň baýragy gowşurylar38 ýaşyndaky “Al-Nasr” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo özüniň kubok...
06/01/2024

Ronaldo Maradonanyň baýragy gowşurylar

38 ýaşyndaky “Al-Nasr” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo özüniň kuboklarynyň we baýraklarynyň üstüni ýene-de bir baýrak bilen ýetirer. Ol hem ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysyna berilýän Maradona baýragydyr. Bu baýrak şu ýylyň 19-njy ýanwarynda “Dubai Globe Soccer Awards 2023” dabarasynda gowşurylar.

“Goal” internet neşiriniň habar bermegine görä,  5 gezek “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp bolan Ronaldo 2023-ni ýylda hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Al-Nasr” toparynyň düzüminde geçiren duşuşyklarynda jemi 54 gol geçirdi.

Ýylyň dowamynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda portugal hüjümçi güýçli futbolçylar – “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe (52 gol), “Bawariýa” toparynyň iňlis hüjümçisi Garri Keýn (52 gol) hem-de “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand (50) ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Şeýle hem Ronaldo dekarb aýynda Saud Arabystanynyň futbol çempionatynda aýyň iň gowy futbolçysy saýlandy.

Ol Saud Arabystanynyň çempionatynda 18 duşuşykda 20 gol geçirdi.

“PSŽ” topary 12-nji gezek Superkubogy gazandyFransiýanyň “PSŽ” topary 12-nji gezek ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy. Duşu...
06/01/2024

“PSŽ” topary 12-nji gezek Superkubogy gazandy

Fransiýanyň “PSŽ” topary 12-nji gezek ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy. Duşuşyk Fransiýanyň Pariž şäherindäki meşhur “Park de Prens” stadionynda geçirildi.

Naýbaşy kubogy almak ugrundaky duşuşykda “PSŽ” topary “Tuluza” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 3-nji minutynda Li Kan In hem-de 44-nji minutynda Kilian Mbappe tapawutlandy.

Şeýlelikde, “PSŽ” topary ähli ýaryşlarda ýeňilmän gelýär. Olaryň ýeňilmän gelýän duşuşyklarynyň sany 9-a deň boldy. Soňky gezek bu topar 2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Çempionlar ligasynyň çäklerinde “Milan” toparyndan 2:1 hasabynda utulypdy.

Fransiýanyň iň güýçli topary 12-nji gezek Superkubogy gazanyň, bu ýaryşda rekord goýdy. Bu görkeziji boýunça “PSŽ” toparyna iň ýakyn topar “Lion” toparydyr we bu toparyň gazanan kubogy 8-e deňdir.

Türkmen ýaşlary 4 aýlyk IT okuwyna çagyrylýarABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy IT ulgamynda Türkmenabatda, Maryda, Daşoguzd...
06/01/2024

Türkmen ýaşlary 4 aýlyk IT okuwyna çagyrylýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy IT ulgamynda Türkmenabatda, Maryda, Daşoguzda we Aşgabatda ýaşaýan 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar arasynda iş mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, “Coding Skills Lab” taslamasyna başlaýandygyny habar berýär.

Bu taslama 4 aý, ýagny ýanwar-maý aýlary aralygynda dowam eder.

Anketalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti: 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwary (23:59)

Ýazylmak üçin: bit.ly/48IbQfj

Gatnaşyjylar ýerleriň çäklidigi üçin bäsdeşlik esasynda saýlanyp alnar.

Hindi ýogaçylaryň Ginnes rekordy2024-nji ýylyň ilkinji gününde Hindistanyň ýogaçylary rekord goýdular. Ýurduň Gujarat şt...
06/01/2024

Hindi ýogaçylaryň Ginnes rekordy

2024-nji ýylyň ilkinji gününde Hindistanyň ýogaçylary rekord goýdular. Ýurduň Gujarat ştatynyň ýogaçylar bir ýere jemlenip, “Surýa-namaskar” (“Güni salamlamak”) maşkyny bilelikde bir wagtda ýerine ýetirdiler.

Hindistanyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Swapnil Dangarikar munuň täze rekord ugrudygyny belledi.

– Mundan ozal, hiç kim şeýle rekordy goýmak üçin synanyşyk etmedi – diýip, ol žurnalistlere habar berdi.

Ol şeýlelikde, “Surýa-namaskar” maşkyny ýerine ýetirmek boýunça rekordyň hasaba alnandygyny mälim etdi.

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda irden Gujarat welaýatynyň 108 ýerinde we 51 dürli kategoriýada 4000-den gowrak gatnaşyjy “Surýa-namaskar” maşkyny ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýoga Hindistanyň milli gymmatlygydyr. Şonuň üçin Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu baýram baradaky degişli Kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistanyň başlangyjy bilen kabul etdi.

2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlar2024-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda dürli görnüşdäki saýlawlary geçirmek göz öňün...
06/01/2024

2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlar

2024-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda dürli görnüşdäki saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäniň ykdysady bazarlary nukdaýnazaryndan ABŞ-daky prezident saýlawlary has möhüm ähmiýete eýedir. Umuman, üstümizdäki ýylda ýanwar aýynda Taýwan bilen başlanjak we noýabr aýynda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna çenli dowam etjek döwürde 40 sany saýlaw geçiriler.

Şol saýlawlaryň has möhümleri barada aýdylanda:

2024-nji ýylyň 7-nji fewraly: Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler.

2024-nji ýylyň 14-nji fewraly: Indoneziýada prezident saýlawlary geçiriler. 200 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşar.

2024-nji ýylyň 15-17-nji marty: Russiýada prezident saýlawlary geçiriler. Wladimir Putin garaşsyz dalaşgär hökmünde bolar.

2024-nji ýylyň 31-nji marty: Türkiýede ýerli saýlawlar geçiriler.

2024-nji ýylyň apreli: Hindistanda ählumumy saýlawlar geçiriler.

2024-nji ýylyň 6-9-njy iýuny: Ýewropa parlamentiniň saýlawlary geçiriler.

Günorta Afrika Respublikasynda hem prezident saýlawlary geçiriler.

Wenesuelada hem ählumumy saýlawlar geçiriler.

2024-nji ýylyň 5-nji noýabry: ABŞ-da prezident saýlawlary geçiriler. Amerikanyň halky ýurduň 47-nji prezidentini saýlar. Häzirki Prezident Jo Baýden bilen Donald Tramp hem saýlawlara gatnaşmagyna garaşylÿar.

Jon Kennediniň ýegeni ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boldyRobert-Kennedi-kiçisi ABŞ-nyň Ýuta ştatynda 2024-nji ýylyň a...
06/01/2024

Jon Kennediniň ýegeni ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boldy

Robert-Kennedi-kiçisi ABŞ-nyň Ýuta ştatynda 2024-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek prezident saýlawlaryna öz dalaşgärligini hödürlemek üçin zerur bolan gollarynyň möçberini jemledi. Bu barada ABŞ-nyň metbugaty habar berýär.

Robert Kennedi-kiçisi ABŞ-nyň ozalky prezidentlerinden Jon Kennediniň ýegenidir. Kennedi mşhur syýasy partiýalaryň biri bolan Demokratlaryň partiýasynyň agzasydyr.

Ol bilimi boýunça hukukçy, ekologiýa hukugy boýunça ýöriteleşendir.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda meýilleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamla...
05/01/2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Gol çekilen resminamalar:

1. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr);

2. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr);

3. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

4. «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Address

Atavatan Danismanlik Ltd. Şti Aksaray Mahallesi Koçibey Sok Erler Apt N 34/7 Fatih/Istanbul
Fatih

Opening Hours

Monday 09:00 - 17:00
Tuesday 09:00 - 17:00
Wednesday 09:00 - 17:00
Thursday 09:00 - 17:00
Friday 09:00 - 17:00
Saturday 09:00 - 17:00

Telephone

+902126334000

Alerts

Be the first to know and let us send you an email when Atavatan Turkmenistan posts news and promotions. Your email address will not be used for any other purpose, and you can unsubscribe at any time.

Contact The Business

Send a message to Atavatan Turkmenistan:

Videos

Share

Nearby media companies

  • İMAJ MEDYA Organizasyon

    İMAJ MEDYA Organizasyon

    Aksaray Mahallesi 000000000000000Langa Bostanları Sokak Çetin İş Hanı No:4/3 Fatih/Istanbul, Istanbul

Other Broadcasting & media production in Fatih

Show All